Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

0
57852
Soňky täzelenme:

I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., ¹ 3, 52-nji madda, ¹ 4, 76-njy madda; 2014 ý., ¹ 1, 45-nji madda, ¹ 2, 79-njy madda, ¹ 4, 162-nji madda; 2015 ý., ¹ 1, 10-njy madda, ¹ 3, 104-nji 
madda, ¹ 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., ¹ 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, ¹ 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., ¹ 1, 12-nji we 30-njy maddalar, ¹ 2, 74-nji madda, ¹ 3, 105-nji madda, ¹ 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., ¹ 2, 43-nji madda, ¹ 3-4, 90-njy we 107-nji maddalar) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 6-njy maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Administratiw jogapkärçilige çekilýän şahs özüniň bigünädigini subut etmäge borçly däldir. Bu düzgün şu Kodeksiň 321-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryna degişli edilmeýär.»;
2) 32-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«321-nji madda. Ulag serişdeleriniň eýeleriniň (eýelik edijileriniň) administratiw jogapkärçiligi
1. Awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin bellenilen administratiw jogapkärçilige ulag serişdeleriniň eýeleri (eýelik edijileri) çekilýär. 
2. Eger ulag serişdesiniň eýesi (eýelik edijisi), onuň karara eden şikaýatyna seredilende, administratiw hukuk bozulma ýüze çykarylan pursatda ulag serişdesini başga bir şahsyň dolandyrandygyny ýa-da başga bir şahslaryň hukuga garşy gelýän hereketleriniň netijesinde ulag serişdesiniň onuň eýelik etmeginden gidendigini subut etse, ol administratiw jogapkärçilikden boşadylýar.
Bellik
Şu Kodeksde awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeler diýlip metrologik synaglardan geçen, hukuk bozulmanyň edilen wagtyny, ulag serişdesiniň görnüşini, kysymyny, döwlet bellige alnyş nyşanyny, şeýle hem tizligini we ugruny kesgitleýän foto we wideo gurallara düşünilýär.»;
3) 197-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«1971-nji madda. Daşaýjy we ulanyjynyň gulluklary tarapyndan raýat howa gämileriniň
uçuşlaryny guramagyň we ýerine ýetirmegiň kadalarynyň bozulmagy
Daşaýjy we ulanyjynyň gulluklary tarapyndan raýat howa gämileriniň uçuşlaryny guramagyň we ýerine ýetirmegiň kadalarynyň bozulmagy — 
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna, wezipeli adamlara — onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara — on bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;
4) 448-nji maddanyň birinji böleginde «315—316-njy, 318-nji, 322-nji,» diýen sanlary «278—280-nji, 283—285-nji, 294-nji, 302-nji, 314—316-njy, 318-nji, 322-nji, 323-nji,» diýen sanlara çalşyrmaly;
5) 4501-nji maddany aýyrmaly;
6) 530-njy maddada:
birinji bölege şu mazmunly bendi goşmaly:
«4) awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulmanyň ýüze çykarylmagy.»;
7) 534-nji maddanyň üçünji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«4. Awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzülmeýär, administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar bolsa administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň bolmazlygynda çykarylýar we şu Kodeksiň 548-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde resmileşdirilýär.»;
8) 548-nji maddanyň altynjy böleginden soň şu mazmunly bölekleri goşmaly:
«7. Şu Kodeksiň 534-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda çykarylan administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karar oňa awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen alnan materiallary goşmak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektron resminama görnüşinde resmileşdirilýär.
8. Awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça kararyň nusgasy oňa awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen alnan materiallary goşmak bilen, elektron resminamany kagyz göterijä geçirmek arkaly taýýarlanylýar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 2-nji marty.
(Türkmenistan gazeti 13.03.2019 ý.)

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler