Soňky habarlar

Arhiw

«Daşoguz» şypahanasy

0
16884
Salgysy:
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň N.Andalyp geňeşligi
Telefon belgiňiz:
800-322-9-10-96; 800-322-9-10-97.
Soňky täzelenme:

Ýerleşýän ýeri: Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň N.Andalyp geňeşliginde ýerleşýär. 
Açylan ýyly: 2014-nji ýylda 3 gatdan, ýagny 200 orundan ybarat şypahana açylyp ulanylmaga berildi. 
Şypahananyň esasy bejeriş faktory: Şypahana tebigy bejeriş mineral suwy bilen tapawutlanýar. Şypahananyň bejeriş mineral suwy 1200 metr çuňlukdan çykyp, onuň gyzgynlyk derejesi 54 gradus bolup, akyş tizligi 5 litr/sekunda deňdir. Şypahananyň tebigy mineral suwy ýerasty mineral suwlaryň klassifikasiýasy boýunça özüniň himiki düzüminiň esasy aýratynlyklary ýodly-bromly mineral suwy diýip hasaplanylýar.
Bölümleri: Şypahana iki bölümden ybarat: keselleri anyklaýyş we bejeriş bölümi. Bölümler iň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen. Bejerş bölüminde dürli bejeriş işleri geçirilýär, ýagny esasy bejergileriň biri suw bejergileridir. Olara mineral suwly wannalar, suwasty owkalama (gidromassaž), galwaniki wanna, dürli görnüşli duşlar (sirkulýar, şarko), akwamassaž, suwasty oňurga çekiji bejeriş, şeýle hem mineral we arassa suwly howuzlar, bejeriş bedenterbiýesi üçin fitnes zaly, bilýard we tennis meýdançalary bar. Başgada şypahana bejergilerine goşmaça, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýerleşýän «Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzlaryny gaplaýan» kärhananyň önümleri bolan, Mollagara we wulkan palçyklaryndan ýapgylar, parafin, ozokerit bilen bejergiler geçirilýär. Ýene-de bejergileriň aýratyn görnüşleriniň içinde ozonoterapiýa, ýagny ýöriteleşdirilen ozonirlenen fiziologiki ergini damjalaýyn goýbermeklik, bu bolsa kislorodyň alyş-çalşyna täsir edip, gormonal fony kadalaşdyrýar, beden zäherlenmäni peseldýär, gan-damarlary giňeldýär, ganaýlanyşy gowulandyrýar, wiruslara garşy, antibakterial häsiýetleri bar. Mundan başgada galoterapiýa bejergisi-de bar. Bu bejergi birnäçe asyrlar mundan ozal hem belli bolan we dürli keselleri bejermekde we öňüni almakda giňden ulanylan, ýagny dem alyş, ýürek-damar, merkezi nerw we endokrin ulgamlaryň kesellerinde ähmiýeti uludyr. Galoterapiýa otagy bu ýöriteleşdirilen otag bolup, bejeriji duzlar bilen üpjün edilen. Aromaterapiýa otaglarynda ösümlikleriň hoşboý ysy rahatlandyryjy täsir edýär. Bu amal dem alyş, ýürek-damar, nerw, endokrin ulgamynyň kesellerinde giňden ulanylýar. 
«SPA» enjamy arassa kislorodyň göwrümini, hoşboý ysly ýaglaryň görnüşini, yşyklandyrmanyň ýagtylygyny we reňklerini, sazyň görnüşini we sesiniň güýjüni raýatyň şahsy islegi boýunça kesgitlemäge mümkinçilik berýär we bejeriş täsirini has-da artdyrýar. Binanyň ikinji gatynda fitobar ýerleşýär, Türkmenistanyň derman ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary şypahanada bejergi alýan raýatlaryň saglygyny dikeltmäge mümkinçilik döredýär. 
Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri: Şypahanada dürli himiki elementlere baý bolan tebigy mineral suwy dürli kesellerde, ýagny artrozlarda, artritler, poliartritler, osteoartrozlar, osteohondroz, radikulit, deri keselleri, nerw we endokrin ulgamynyň kesellerini bejermekde giňden ulanylýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800-322-9-10-96; 800-322-9-10-97.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler