Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

0
7833
Soňky täzelenme:

2017/2018-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Dänäni kabul etmegiň, saklamagyň we arassalamagyň tehnologiýasy.

2. Oba hojalygynyň ykdysadyýeti.

3. Çörekbişiriş, makaron we konditer önümçiligi.

4. Miwe we gök önümlerini gaýtadan işlemek.

5. Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.

6. Oba hojalygynda buhgalter hasaby.

7. Pagtany ilkinji işlemegiň tehnologiýasy.

8. Ösümlikleri goramak.

9. Weterinariýa.

10. Ýer gurluşygy.

11. Gidromeliorasiýa.

12. Tokaý we seýil bag hojalygy.

13. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

14. Agrohimiýa.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-njy iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

dänäni kabul etmegiň, saklamagyň we arassalamagyň tehnologiýasy; pagtany ilkinji işlemegiň tehnologiýasy hünärleri — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

oba hojalygynyň ykdysadyýeti; oba hojalygynda buhgalter hasaby hünärleri — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

çörekbişiriş, makaron we konditer önümçiligi; miwe we gök önümlerini gaýtadan işlemek; turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy; ösümlikleri goramak; weterinariýa; agrohimiýa; tokaý we seýil bag hojalygy hünärleri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

ýer gurluşygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünärleri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 2070 (Tähran) köçe, j.6; tel.: 34-98-91, 34-91-24.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler