Soňky habarlar

Arhiw

Farap şypahanasy

0
21929
Salgysy:
Лебапский велаят
Soňky täzelenme:

Ýerleşýän ýeri: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden demirgazyk-günbatarda 20 kilometr uzaklykda Amyderýanyň sag kenarynda Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýär.

Açylan ýyly: 1985-nji ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýän şypahananyň 2010-njy ýylda durky täzelenip, täze binasy guruldy. Häzirki wagtda 250 orunlyk şypahana halkyň hyzmatynda. 

Şypahananyň esasy bejeriş faktory: 1958-nji ýylda geologiýa barlag ekspedisiýasy tarapyndan 3 sany 900 metrlik çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýy ýatagy açylýar. №1, №13, №40 guýularyň esasy bejeriş serişdesi sulfat-hloridli-natrili, minerallaşmasy boýunça kesgitlenilýän toparlara degişlidir. Guýularyň suwunyň täsiri ion düzümi we minerallaşmasy boýunça kesgitlenilýän ýerasty suwlaryň toparyna degişli bolup, sulfat-hloridli-natrili, gowşak aşgarly, subtermal, kükürt wodorodyň ujypsyz mukdaryny saklaýar. Bu tebigy mineral çeşmäniň melhem suwunyň gyzgynlygy 39 gradus bolup, düzüminde 32-den gowrak himiki elementler ýagny, kükürtli wodorod, ýod, brom, bor, şeýle hem bariý, magniý, azot, sulfat, hlorid-natriý ýaly mikroelementlerden ybaratdyr.

Bölümleri: Şypahananyň anyklaýyş, bejeriş we mineral suw bilen bejeriş bölümleri bar. Bu ýerde aşgazan-içege, öt ýuwýan, ingalýasiýa, fizioterapiýa, wulkan we Mollagara palçygy bilen bejeriş otaglary bar. Bejeriş bölüminde fitobar, fizioterapiýa, owkalama, iňňerefleks, ginekologiki we bejeriş-bedenterbiýe otaglary hereket edýär. Suw bilen bejeriş bölüminde şypahananyň mineral suwy bilen wanna, howuz, şarko duşy, içege ýuwmak, aýlawly duş, ýapgylar hem-de dermanlyk ösümlikler esasynda taýýarlanan rahatlandyryjy wannalar bar.

Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri: Şypahanada esasan aşgazan-içege, ýürek-damar, nerw, deri, daýanç-hereket, endokrin, ginekologiki, allergiki, dem alyş ýollary bilen baglanyşykly keseller bejerilýär.

Biziň şypahanamyz ýylyň ähli möwsüminde ýokary hilli bejergileri almaga raýatlary çagyrýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800-422-3-12-33; 800-422-3-17-05.


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler