Turkmenportal logo
08.09.25
1332313323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy
Surat: Zaman Türkmenistan

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 825 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berdi.


Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, buýan köküniň ekstrakty, portlandsement we gazbeton bloklary ýerlenildi.


Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 11 million 250 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi satyn aldylar.