Russiýanyň Irkutsk oblastynda syýahatçy gudrat bilen aýynyň hüjüminden aman galdy. Waka Baýkaldaky Aýaýa aýlagynda boldy, erkek kişi ýyrtyjyny yza serpikdirmegi başardy diýip, «NTS» teleýaýlymyna salgylanýan «vfokuse.mail.ru» habar berdi.
Waka gür taýga tokaýlygynda boldy. Ejir çekeniň gürrüňine görä, birdenkä nirdendir aýy peýda bolup, onuň üstüne böküp ýere ýykypdyr. Syýahatçy aýynyň garnyna aýaklary bilen depip, elleri bilen urup, kowmagy başarypdyr.
Şeýle aýgytly garşylykdan gorkan ýyrtyjy yza çekilip, tokaýda ýitirim bolupdyr. Mundan soňra erkek kişi golaýdaky turistik baza çenli ylgap 16 kilometr ýol geçipdir. Lukmanlar onuň käbir ýerleriniň sypjyrylandygyny anyklapdyrlar. Kömek teklip edilse-de, erkek kişi bejergiden ýüz öwrüp, öýüne gidipdir.
