Kubanyň paýtagtynyň köçelerine köne awtoulaglaryň motorlarynyň gürrüldisi ýaň saldy. Gawanada retro-awtoulaglaryň ýörişi geçirildi. Eýeleri üçin bu köne awtoulaglar diňe hereket seridşdesi bolman, hakyky maşgala gymmatlygy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Daniel Garsiýa, Gawananyň awtoulag mizeýiniň başlygy:
«Adaty kubaly nusgawy gymmatlyklara hormat goýýar, sebäbi bu awtoulaglaryň köpüsi maşgalanyň kän ýyllaryň dowamyndaky mirasy bolup durýar. Şonuň üçin olar Kubanyň taryhynda möhüm orny eýeleýär».
Awtoulaglar dürli ýaryşlarda bäsleşdiler. Iň gowularyň eýelerine baýrak gowşuryldy. Kubanyň kem-kemden häzirki zaman awtoulaglarynyň importy üçin açylýandygyna garamazdan, ada heniz hem «nusgawy awtouaglaryň janly muzeýi». Retro-awtoulaglar Kubanyň milli äheňleriniň aýrylmaz bölegi bolup, dünýäniň ähli ýerinden jahankeşdeleri çekýär.
