Köneürgenjiň ösümlik ýag kärhanasynyň süýt önümlerini öndürýän bölüminiň işçi-hünärmenleri ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet sowgady bilen garşy almak ugrunda netijeli zähmet çekýärler.
Kärhana boýunça şu ýylyň sekiz aýynda şahsy we daýhan hojalyklardan ýörite şertnamalar esasynda satyn alnan 1650 tonnadan gowrak süýt gaýtadan işlenilip, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bu ýerde mesgäniň 40 tonnadan gowragy, dorogyň we peýniriň 67 tonnasy öndürildi. Degişli döwrüň dowamynda 80 tonnadan gowrak turşadylan süýt önümleri taýýarlanylyp, 120 göterim ösüş gazanyldy. Önümçilik ulgamyna häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde süýt önümleriniň möçberi barha artýar.
Bölüm ýokary hilli süýt önümleri bilen Köneürgenç hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň çagalar baglaryny üpjün edýär. Önümleriň galan bölegi ýöriteleşdirilen söwda nokatlary arkaly ilata satylýar diýlip, habarda bellenilýär.
