Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 155 işgär zähmet çekýär. Lebap welaýat merkeziniň 2-nji senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada köpboşlukly örtgi plitalary, ýol jähek daşlary, diwar bloklary, sütünler ýaly gurluşykda giňden ulanylýan dürli görnüşli demirbeton önümleri taýýarlanylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle hem kärhanada mebel önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, ýurduň gurluşyk we durmuş maksatly desgalarynda giňden peýdalanylýar.
Kärhananyň durky düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ol Germaniýa, Italiýa, Türkiýe ýaly ýurtlaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Munuň özi ýylda 50 müň kub metre çenli demirbeton önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýylyň başyndan bäri öndürilen önümleriň mukdary 13 müň kub metre golaýlady. Aýma-aý meýilnamalaryň her gezek 100-den 105 göterime çenli amal edilýändigi bolsa aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.
Kärhananyň agajy gaýtadan işleýän bölüminde 2020-nji ýyldan bäri mebel önümçiligi alnyp barylýar. 3 gektara golaý meýdany eýeleýän bu önümçilikde Türkiýeden getirilen enjamlaryň kömegi bilen ýokary hilli gapylar, penjireler, stollar we oturgyçlar ýasalýar.
