Çybynlar dünýäniň islendik nokadynda duşýar, emma olarsyz ýeke-täk ýurt bar, ol Islandiýadyr. Geň ýeri, bu ýurduň goňşulary Norwegiýa, Şotlandiýa, hatda Grenlandiýa çybynlardan ýaňa hyň berýär.
Alymlar dürlüçe sebäpleri görkezýärler, olaryň biri-de çybynlar heniz bu ada baryp ýetişenoklar. Emma Islandiýanyň uniwersitetinden biolog Gisli Mar Gislason Grenlandiýadan gelen uçarda diri çybyny tutandygyny gürrüň berdi. Diýmek, çybynlar her niçigem bolsa, Islandiýa düşýän bolmaly diýip, «Live Science» neşirine salgylanýan «Science.mail.ru» gürrüň berýär.
Alymlar bu mör-möjekleriň adada ýaşamaýandygynyň sebäbini ýerli howa şertleri bilen baglaýarlar. Islandiýada köp batgalyklardyr kölçeler bar, ol ýerde çybynlar liçinka taşlap bilerdiler. Emma olaryň köpelmegi üçin ýata suw gerek. Islandiýada güýzüne we ýazyna howdanlardyr köller kä doňýar, käte ereýär. Özem bu kän gaýtalanýar. Hut şu ýagdaý hem çybynlaryň liçinkalaryny ulalmaga ýetişýänçä ýok edýär.
Emma alymlar howanyň üýtgemegi bu ýagdaýy özgerder diýip duýdurýarlar. Häzirlikçe bolsa, Islandiýa çybynlaryň ýüregedüşgünç jyzzyldysyndan halas, tomsuna tokaýda arkaýyn gezelenç edip bolýan ýeke-täk ýer bolmagynda galýar.
