Owganystanda 31-nji awgustda ýerli wagt bilen gijeýarym töweregi bolan ýer yranmada heläk bolanlaryň sany 800 adamdan geçdi, 2800-den gowrak adam ejir çekdi diýip, ýurduň Hökümetiniň wekillerine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Ýagny gündogardaky Kunar we Nangarhar ülkelerinde 812 adam gurban boldy.
Ýer sarsgyny Kunardaky üç obany tutuşlygyna ýok etdi. Beýleki ilatly ýerlere-de ýitgi ýetdi. Ýerli häkimiýetler tebigy betbagtçylygyň barmasy kyn etrapda bolandygy sebäpli, gözleg-halas ediş işlerini çylşyrymlaşdyrýandygyny aýdýarlar.
Güýji 6,3 bal bolan ýer yranmasynyň sarsgynlary goňşy Pakistanda-da bildirdi.
Alymlar geografiki ýerleşişi sebäpli Owganystanyň seýsmiki hadysalara töwekgelçiliginiň ýokarydygyny belleýärler.
