Golaýda Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleri üçin «Iýmit gigiýenasy» atly okuw gollanmasy çapdan çykdy. Täze neşiriň awtorlary J.Annanurow, A.Myradowa, Ş.Garajaýew, S.Mämmetsähetowa dagy bolup, ol Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Okuw gollanmasy iki bölümden, 21 sany bapdan ybarat. «Iýmitiň fiziologiýasynyň we biohimiýasynyň gigiýenik esaslary» atly birinji bölümde sagdyn iýmitlenmegiň esasy düzgünleri, iýmitiň kuwwatlyk gymmaty we energiýa sarp edilmeleri, energiýa we madda çalşygy, beloklar, ýaglar, uglewodlar, olaryň iýmitlik we biologik gymmaty, witaminleriň adamyň iýmitlenmesindäki ähmiýeti, mineral maddalar, kadaly iýmitlenme barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
«Iýmit önümleriniň iýmitlik we biologik gymmatlygy hem-de olaryň gigiýenik häsiýetnamasy» atly ikinji bölümde galla we galla önümleri, süýt we süýt önümleri, et we et önümleri, balyk we balyk önümleri, iýmit ýaglary, ýumurtga we ýumurtga önümleri, gök-bakja önümleri we miweler, iýmit zäherlenmeleri, iýmit önümlerini konserwirleme usullarynyň gigiýenik häsiýetnamalary, pestisidler we olaryň iýmit gigiýenasynda tutýan orny, Döwlet sanitariýa gözegçiligi, iýmit önümleriniň sanitariýa ekspertizasy, görnüşleri we geçiriliş tertibi, çagalaryň we ýetginjekleriň iýmitlenmesine bildirilýän gigiýenik talaplar barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Bu okuw gollanmasyndan ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, jemgyýetçilik iýmiti we ilatyň saglygyny goraýyş ulgamlarynyň hünärmenleri, şeýle hem giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.
