Bazara «Labubu» diýlen meşhur betgörk gurjaklary çykaran «Pop Mart» kompaniýasyny döreden Wan Nin dünýäniň iň baý adamlarynyň 100-ligine girdi. «Bloomberg» neşiriniň düzen sanawyna laýyklykda, telekeçi sanawda 85-nji orny eýeledi diýip, «rg.ru» habar berdi.
Wan Nine «Pop Mart» kompaniýasynyň paýnamalarynyň 50 göterimi degişlidir. Bir ýylda onuň emlägi 18,8 mlrd dollar artdy, ol bu gün 26,5 mlrd dollara deňdir.
Kompaniýanyň paýnamalarynyň nyrhynyň artmagyna dik gulakly we dişlek gorkunç gurjaklara dünýäde islegiň ýokarlanmagy bilen baglydyr. Olar ýapyk gutularda satylýar, netijede, müşderi tä ony açýança özüne nähili keşpdäki gurjagyň garaşýandygyny bilmeýär. Garaşylmadyk marketing ädim ajaýyp üstünliklere getirdi diýlip, habarda bellenýär.
