Dünýäde tüwiniň nyrhy soňky 18 ýylda iň pes derejede arzanlady, muňa Aziýada hasyllylygyň artmagyna we rekord derejede ýygnalmagyna getiren howanyň gowulanmagy sebäp boldy. Bu barada Bütindünýä Pul Gaznasyna salgylanýan «Bloomberg» agentligi habar berdi.
Agentligiň ýazmagyna görä, eger 1975-nji ýylda tutuş dünýäniň daýhanlary gektardan ortaça 2,4 tonna şaly hasylyny ýygnan bolsalar, 2000-nji ýylda hasyllylyk 3,8 tonna ýetdi, häzir bolsa, ol 4,7 tonna deňdir. Şeýle-de mekgejöweniň, soýanyň we bugdaýyň hasyllylygy artdy.
Habarda häzirki wagtda Aziýanyň köp böleginde ýagyşlaryň ýagýandygy, daýhanlara häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň kömege gelýändigi bellenýär. Netijede, 2025-2026-njy ýylda dünýäde tüwiniň rekord hasyly, ýagny 541 million tonnasy ýygnalar diýlip çaklanýar. Bu 1980-1981-nji ýyllardakydan iki esse köpdür, şunda ekin meýdanlarynyň meýdany düýbünden ütgemedik diýen ýalydyr.
