Halaç etrabynyň nah ýüplük egriji fabriginde ýanwar — iýul aýlary boýunça 2042,9 tonna nah ýüplük öndürildi. Netijede, meýilnama önüm görnüşinde 59,9 göterim ýerine ýetirildi. Şunda düşewüntlilik 13,3 göterime barabar boldy. Nah ýüplükler Türkiýä, Özbegistana we Russiýa eksport edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, pnewmomehaniki egriji maşynlardan ýeke kadrly agardylmadyk nah mata ýüplükleri öndürmek üçin bu ýere gelýän çig maly «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri ýörite enjamlar bilen gözden geçirýärler. Kärhanada gelin-gyzlaryň 200-den gowragy zähmet çekýär.
Fabrikde gurnalan Germaniýanyň «Trüçler», Şweýsariýanyň «Reiter» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli egriji maşynlarynyň bökdençsiz işledilmeginiň netijesinde, her günde 14 — 16 tonna nah ýüplük öndürilýär. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan gelýär. 2005-nji ýylda açylan bu kärhananyň öndürýän ýüplükleriniň hiliniň gowudygy üçin, olary diňe ýokarda agzalan ýurtlar däl, eýsem, Ermenistan, Polşa, Eýran hem yzygiderli satyn alýar.
Geçen ýyl bu döwletleriň satyn alan dürli görnüşdäki, dürli ölçegdäki ýüplükleriniň umumy möçberi 1044 tonna barabar boldy.
