Gulaklyklary aýdym-saz diňlemek üçin ses güýjüni 60 göterimden ýokary bolmadyk ýagdaýda 60 minut ulanmak bolar diýip, Russiýanyň Widnowsk hassahanasynyň otorinolaringolog - lukmany Raul Ten «Radio1» radioýaýlymy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.
«Gulaklygy bir sagat ulananyňdan soňra, azyndan 2-30 minut arakesme etmek gerek. Günde olary yzygiderli arakesmeler bilen iki-üç sagatdan köp ulanmaly däl» diýip, hünärmen maslahat berdi. Onuň sözlerine görä, çagalara we ýetginjeklere gulaklygy aram eşitdirişde bir sagatdan köp ulanmak maslahat berilmeýär.
Şunda doly göwrümli sesi basyjy gulaklyklary peýdalanmak has amatlydyr, sebäbi olar aram aýdym-sazy gohly ýerlerde diňlemäge mümkinçilik berýär. Eşidiş üçin iň zyýanly gulaga dykylýan gulaklyklardyr, sebäbi olar sesi göni gulak perdesine eltýärler diýip, lukman sözüniň üstüni ýetirdi.
Gulaklyklary üznüksiz ulanmak eşidişiň peselmegine eltip biler diýip, lukmanlar belleýärler.
