Turkmenportal logo
28.08.25
3143531435
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze doglan bäbege ChatGPT neýroulgamyň hormatyna at dakdylar
Täze doglan bäbege ChatGPT neýroulgamyň hormatyna at dakdylar
Surat: RBK

Kolumbiýanyň Serete şäherinde çaga ChatGPT neýroulgamynyň hormatyna at dakdylar diýip, «Colombia One» neşirine salgylanýan «rbc.ru» gürrüň berýär. Çaganyň doly ady – Chat Yipiti Bastidas Guerra.


Kolumbiýada ene-atalary eger hormat goýmak ýörelgelerini bozmaýan we adamyň şahsyýetini kemsitmeýän bolsa, çagalary üçin islendik ady saýlap bilýärler. Milli hasaba alyş gullugy eger at kemsidiji ýa-da täze doglan bäbegiň abadanlygy üçin howply diýip netijä gelse, ady hasaba almazlyga hukugy bar. Gulluk Chat Yipiti diýen atda şeýle alamatlary tapmady diýlip, habarda bellenýär.