2025-nji ýylyň 7 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 586,6 million amerikan dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 11-nji orny eýeledi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, özara söwdanyň 503,1 million amerikan dollary Türkmenistanyň özbek bazaryna amala aşyran eksportynyň paýynda düşýär. Munuň özi Özbegistanyň importundaky 8-nji görkezijidir. Hasabat döwründe Türkmenistanyň goňşy ýurtdan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy bolsa 83,5 million amerikan dollaryna barabar. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13,7 million dollar möçberinde köpdür.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 7 aýynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 19,9 göterim ýokarlanyp, 44,4 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Şonuň 20,1 milliardy ýurduň eksportunyň, 24,29 milliardy bolsa importunyň paýyna düşýär.
