Türkmenistanly talyp düýn Moskwada başlanan «Puşkin bilen tomus» atly rus dilini we medeniýetini öwrenmek boýunça guralýan halkara maksatnama gatnaşýar. Bu barada HHM habar berýär.
Bu maksatnama 24-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda A.S.Puşkin adyndaky rus dili döwlet institutynda geçirilýär. Dil maksatnamasyna Türkmenistan, Ermenistan, Gana, Müsür, Gazagystan, Gyrgyzystan, Liwiýa, Nigeriýa, Täjigistan we Özbegistan ýaly 10 ýurtdan talyplar ýygnanyşdy.
Taslama zehinli ýaşlary goldamak üçin guraldy we rus dilini çuňňur öwrenmäge, şeýle hem häzirki Russiýanyň taryhy, medeniýeti bilen tanyşmaga gönükdirilendir. Maksatnama gatnaşmak üçin 35 ýurtdan 435 ýüztutma tabşyryldy, ýöne rus dili boýunça iň zehinli we höwesjeň ýaşlardan diňe 20-si ýygnanşyga gatnaşmaga mümkinçilik aldy.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, maksatnamanyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar rus dilini we Russiýanyň özlerinde galdyran täsirlerinidir bilimlerini görkezýän döredijilik taslamalaryny taýýarlarlar.
