Düýn – 20-nji awgustda Halkara ýaltalyk güni bellendi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň «Food.ru» mediaplatformasy 5,5 müň russiýalylaryň gatnaşmagynda pikir soraşma geçirdi. Onuň netijelerini «Life.ru» portaly çap etdi.
Pikirsoraşma gatnaşanlaryň 41 göterimi ýaltalygyň bedeniň ýadawlygyny duýdurýandygyny, 32 göterimi ýaramaz endikdigini, 18 göterimi bolsa, ýaltalygyň ösüşi öňe iterýändigini bellediler. Olaryň 39 göterimi ýaltalygy her gün, 36 göterimi hepdede birnäçe gezek başdan geçirýändigini aýtdylar.
Geografiýa babatda ýaltalyk boýunça ýurduň Ižewsk şäheri öňdeligi eýeledi. Onuň ýaşaýjylarynyň 51 göterimi her gün ýatlanýandyklaryny boýun aldy. Moskwada bu duýgyny ýaşaýjylaryň 44 göterimi başdan geçirýär.
