Işsizligiň artmagy we ykdysadyýetiň pese gaçmagy netijesinde soňky 13 ýylda Täze Zelandiýany iň köp ýaşaýjy terk etdi. Olaryň üçden biri ýaşy 30-a çenlilerdir diýlip, ýurduň Statistika edarasynyň maglumatlarynda aýdylýar. Bu barada «INTERFAX.RU» habar berdi.
Ýagny soňky 12 aýda ýurtdan 71,8 müň raýat gitdi, öňki 12 aýda 67,5 müň adam. Olaryň düzüminde 18-30 ýaş aralykdaky raýatlar 38 göterimi eýeleýär.
Bilermenler ýagdaýy Täze Zelandiýada 1991-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýeten ykdysady çökgünlik bilen baglaýarlar. Muňa iş öndürijiliginiň pesdigi we ýalňyş syýasy çözgütler hem täsir edýär diýip, olar belleýärler.
Göçýän täze zelandiýalar üçin esasy ýurt Awstraliýa bolup durýar, ol ýerde hünärmen ýetmezligi bilen baglylykda, işe ýerleşmekde birgiden ýeňillikler berilýär. Galyberse-de, Awstraliýada işlemek üçin Täze Zelandiýanyň raýatlaryna wiza gerek däl diýlip, habarda bellenýär.
