Italiýada agramy 100 kilogramdan geçýän zenan öz adamsynyň üstüne tötänden ýykylyp, onuň ölümine sebäp boldy, erkek kişini lukmanlar näçe yhlas etseler-de, halas edip bilmediler. Bu barada «Daily Star» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Waka irden Kampanýa etrabynda boldy.Ýeri habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, irden artykmaç agramly zenan krowatdan galanda, gapdalynda, polda ýatan äriniň üstüne ýykyldy. Zenan ýykylanda, krowat bilen diwaryň arasynda galdy. Gorkan zenanyň gykylygyna goňşulary ylgaşyp geldiler. Zenany galdyrmak üçin bäş adam gerek boldy. Ýangyn söndürijiler we lukmanlar gelýänçä, erkek kişi huşundan gidipdi, ony halas etmek başartmady.
Polisiýa derňew geçirip, hiç hili zorluk alamatyny tapmady we wakany «tötänden bogulma» diýip häsiýetlendirdi.
Zenana psihologiki kömegiň gerek bolandygy, onuň bile ýaşaşsalar-da, erkek kişi bilen heniz nikadan geçmändigi habarda bellenýär.
