Türkmenistanda ilata onkologiýa kömeginiň berlişi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda jemi 810 orunlyk onkologiýa hassahanalary hereket edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.
Bellenilişi ýaly, ýakyn ýyllarda Onkologiýa merkeziniň we Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň onkologiýa hassahanalarynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän täze binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.
2022-nji ýylyň maý aýynda 150 orunlyk Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasy, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Arkadag şäherinde 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy açylyp ulanmaga berildi.
Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistanda onkologiýa edaralarynyň 6-sy, şol sanda 200 orunlyk Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, 150 orunlyk Arkadag şäher onkologiýa hassahanasy, 80 orunlyk Balkan welaýat onkologiýa hassahanasy (Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynyň 20 orunlyk onkologiýa bölümi bilen bilelikde), 150 orunlyk Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasy, 100 orunlyk Lebap welaýat onkologiýa hassahanasy we 130 orunlyk Mary welaýat hassahanasy hereket edýär.
2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Aşgabadyň demirgazyk künjeginde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan meýdançasyna baranda: «500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler we bu ýerde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener» diýip belledi.
Şu ýyl Türkmenistanda 84 sany onkologiýa we 107 sany serediş otaglary saglygy goraýşyň ilkinji halkasynda ilata hyzmat edýär. Häzirki wagtda ähli etraplarda we etrap derejesindäki şäherlerde hem-de şäher saglyk öýlerinde onkologiýa we serediş otaglary hereket edýär diýlip, makalada bellenilýär.
