Režissýor Babbar Subhaşyň 1982-nji ýylda ekrana çykan, baş keşbi Mithun Çakraborti tarapyndan ýerine ýetirilen «Diskonyň tansçysy» atly filminiň dowamy surata düşüriler. Film öz wagtynda dünýä prokatynda ummasyz girdeji toplady diýip, «mensxp.com» saýty habar berýär.
Filmde tans we aýdym-saz sungaty barada gürrüň berler. Baş keşbe aktýorlar Ranbir Kapuryň ýa-da Allu Arjunyň göz öňünde tutulýandygy habarda bellenýär. Birinji filmiň russiýalylaryň arasynda meşhurlyk gazanandygy bilen baglylykda, onuň käbir parçalary Russiýada surata alnar.
Prodýuserleriň biri Nitin Kumar Gupta şeýle gürrüň berýär: «Biz Russiýada surata düşürmekçi bolýarys, sebäbi «Diskonyň tansçysynyň» ol ýerde muşdaklary köp. Täze filmimiz üçin aýdym-sazlary ýazmaga birnäçe meşhur daşary ýurtly, şol sanda russiýaly aýdymçylary-da gatnaşdyrmakçy».
