Awstraliýada soňky 50 ýylda iň köp gar ýagdy. Ol ýeriň ýüzüni 40 santimetre golaý gar örtügi bilen basdy diýip, «argumenti.ru» habar berdi.
Sosial torlarda çap edilen wideolarda maýyl howa uýgunlaşan ýaşyl yklymyň ýaşaýjylarynyň bu tebigy şertlere taýyn däldikleri görünýär. Russiýaly internet ulanyjylar awstraliýalylaryň nämüçin lyžada ýa-da typgyçda typmaýandyklary barada sowal berýärler. Munuň jogaby ýönekeý: ýerli ýaşaýjylarda bularyň ikisi-de ýok, olar gyşky hezilliklerden lezzet almaga endik edinmändirler.
Wideoşekillerde has-da kengurularyň özlerini alyp baryşlary täsir döredýär, olar garly meýdanda hezil edip iki ýana ýortýarlar. Olaryň biri Awstraliýanyň tebigatyna mahsus bolan Güni asmandan tapman, aljyraňňy görünýär.
