Turkmenportal logo
04.08.25
2240022400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hepdäniň dowamynda howanyň +43 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Şu hepde Türkmenistanyň sebitlerinde howanyň +44 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:


Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24 gradusdan +26...+28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+38 gradusdan +40...+42 gradus aralygynda yssy bolar.


Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23...+28 gradusdan +27...+32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37...+42 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +34...+39 gradus yssy bolar.


Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25 gradusdan +24...+29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38 gradusdan +38...+43 gradus aralygynda yssy bolar.


Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+26 gradusdan +25...+30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39 gradusdan +38...+43 gradus aralygynda yssy bolar.


Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25 gradusdan +24...+29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39 gradusdan +38...+43 gradus aralygynda yssy bolar.


Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24 gradusdan +23...+28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37 gradusdan +37...+42 gradus aralygynda yssy bolar.