Turkmenportal logo
31.07.25
2441524415
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kot-d’Iwuaryň 83 ýaşly Prezidenti ýene döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmakçy
Surat: Unaids

Kot-d’Iwuaryň 83 ýaşly Prezidenti Alassan Uattara dördünji möhlete saýlawlara gatnaşmakçy. Bu barada syýasatçy sosial torda çap edilen wideoýüzlenmesinde habar berdi.


Alassan Uattara: «Men dalaşgär hökmünde saýlawlara gatnaşmakçydygymy tassyklaýaryn, sebäbi biziň mähriban Kot-d’Iwuarymyzyň gülleýän, parahat we howpsuz ýurt hökmünde ösüşini dowam etmegini isleýärin» diýdi.


Uattara döwleti 2010-njy ýyldan bäri dolandyrýar. Ýurtda täze Prezident saýlawlary 25-nji sentýabrda geçer.