Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Türkiýäniň iň ýokary döwlet sylagy – «Devlet Nişanı» ordeni gowşuryldy, ony ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gowşurdy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Gazak lideri sylag üçin türk kärdeşine minnetdarlyk bildirdi we onuň ýurtlaryň arasynda gatnaşyklaryň berkidilmegine şahsy goşandygyny nygtady. Tokaýew şeýle hem Ärdogana dünýäniň abraýly syýasatçysy hökmünde baha berdi. Orden, Gazagystanyň Prezidentiniň pikiriçe, taryhy kökleri, dini we milliligi umumy bolan ýurtlaryň arasynda dostlugyň nyşany boldy.
Gazagystanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapar bilen bardy. Döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar resminamalaryň 18-sine gol çekdiler. Şeýle hem jahankeşdeligi goldamak maksady bilen, iki ýurduň raýatlary üçin 90 günlük wizasyz düzgün girizildi.
