Tailandda towuk tagamly buzgaýmak barha meşhurlyk gazanýar. Adaty bolmadyk tagam ýurduň demirgazyk-gündogar Khon Kaýen ülkesinde peýda boldy diýip, «Bangkok Post» neşiri ýazýar.
Başlangyjyň maksady sebitiň medeni özboluşlylygyny aşhana sungatynyň üsti bilen gorap saklamakdyr. Gowrulan towukly buzgaýmak kömürde gowrulan etiň tagamyny berijini goşmak bilen, süýtde taýýarlanýar. Onuň ýanyndan gowrulan sogan, karamel we hoz äberilýär.
Buzgaýmagyň wanil bilen gowrulan şöhlatly, ýerli tüwiden ýasalýan çakyrly görnüşi hem bar diýlip, habarda bellenýär.
