Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resmi iş kagyzlaryny kabul etmek boýunça çäreler guramaçylykly alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda dalaşgärlerden welaýat merkezindäki döwrebap orta mekdepleriň 3-sinde, Daşoguz şäherindäki Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde, şeýle-de Türkmen oba hojalyk institutynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 19-syna resminamalar kabul edilýär. Bu çäreler halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary we orta okuw mekdeplerine giriş synaglaryny ýokary derejede geçirmegiň ilkinji basgançagy bolup durýar.
Häzirki wagtda ýaşlaryň degişli resmi iş kagyzlaryny taýýarlamagy we tabşyrmagy üçin guramaçylyk işleri göwnejaý ýola goýuldy. Dalaşgärlere saglyk ýagdaýy barada kepilnamalaryň berilmegi boýunça welaýatyň saglyk öýlerinde ýörite otaglar hereket edýär. Şu günler Daşoguz şäherindäki 25-nji orta mekdepde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 4-sine, 28-nji orta mekdepde 6-syna, 7-nji orta mekdepde hem 4-sine ýaşlar öz saýlap alan hünärleri boýunça resminamalaryny tabşyrýarlar.
Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda ýokary okuw mekdepleriniň 3-sine, welaýat merkezindäki Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem birine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär.
Häzirki wagtda sebitiň çägindäki mugallymçylyk, lukmançylyk we maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdeplerinde hem ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.
