Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

IDEA+ kompaniýasy Russiýanyň, Belarusyň we Demirgazyk Kipriň ýokary okuw mekdeplerine girmek boýunça mugt maslahatlara çagyrýar

10:5014.07.2025
0
23788

IDEA+ topary Russiýanyň, Belarusyň we Demirgazyk Kipriň uniwersitetlerine okuwa girmek isleýän dalaşgärler üçin mugt maslahatlaryň başlanandygyny habar berýär. Dalaşgärler we olaryň ene-atalary elýeterli maksatnamalar, giriş şertleri hem-de daşary ýurtlarda okamagyň mümkinçilikleri baradaky doly maglumatlary alyp bilerler.

Esasy teklipleriň hatarynda Moskwada ýerleşýän «Synergiýa» uniwersiteti bar. Ol ýerde gijeki okuw diňe hepdede iki gezek geçirilýär, bu bolsa iş bilen okuwy utgaşdyrmak üçin amatly mümkinçilik bolup durýar. Onda giriş synaglaryny tabşyrmak talap edilmeýär, IT we marketingden başlap, lukmançylyga hem dizaýna çenli — 40-dan gowrak hünär ugry bar. Okuwy tamamlanlaryndan soňra Russiýada we GDA-nyň ýurtlarynda hereket edýän okuwyň gündizki görnüşiniň döwlet diplomy gowşurylýar.

Belarusda okamagy göz öňünde tutýanlar üçin IDEA+ kompaniýasy ЕГЭ, IELTS и TOEFL talap edilmezden aşakdaky öňdebaryjy uniwersitetlere synagsyz girmek mümkinçiliklerini hödürleýär:

  • Belarusyň döwlet informatika we radioelektrinika uniwersiteti (BDIRU) — IT-biliminiň öňdebaryjysy: ilkinji okuw ýylyndan Python, C++ we emeli aň öwredilýär.
  • Ýanka Kupala adyndaky Grodnonyň döwlet uniwersiteti — ýurduň ynsanperwer ugry boýunça iň gowy uniwersitetleriniň biri.
  • Belarusyň milli tehniki uniwersiteti (BMTU) — inženerlik-tehniki ugry boýunça öňdebaryjy, QS sanawyna görä dünýäniň ýokary derejeli 1000 uniwersitetiniň hataryna girýär.

Şeýle hem Halkara Kipr uniwersitetine we Demirgazyk Kipriň Ýakyn Gündogar uniwersitetine kabul edişlik açykdyr. Bu uniwersitetlerde iňlis dilinde halkara standartlaryna laýyklykda okadylýar, diplomlaryň ykrar edilýän we öňdebaryjy barlaghanalary bolan medeni taýdan baý gurşawda bilim berilýär.

Ýerleriň sany çäklendirilendir, resminamalaryň kabul edilişi bolsa eýýäm başlandy. Ähli maslahatlar mugt berilýär we IDEA+ ofisinde aşakdaky salgy boýunça geçirilýär: Bitarap Türkmenistan köçesi, 108, «Joşgun» söwda merkezi, 3-nji gat.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Belarus boýunça:

+993 (71) 51 84 37, +993 (71) 55 04 85

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Email: idea.mm005@gmail.com

Russiýa we Demirgazyk Kipr boýunça:

+993 (71) 51 84 69

Sosial ulgamdaky sahypalary. @SYNERGY_TURKMENISTAN, @IDEA_CYPRUS

Email: idea.mm005@gmail.com

Halkara diplomyna tarap ilkinji ädimiňi şu gün — IDEA+ bilen başla!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň