Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Innowasion Çözgüt» kompaniýasy Belarusyň uniwersitetlerine girmek boýunça ýakyn wagtda geçiriljek onlaýn synaglar barada habar berýär

11:5312.07.2025
0
39813

Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşy bolan «Innowasion Çözgüt» kompaniýasy giriş möwsüminiň bellenilen möhletine ýetişip bilmedik türkmenistanly dalaşgärler üçin bu ýurduň lukmançylyk uniwersitetlerine girmegiň goşmaça mümkinçiligini döredýär.

GrGMU (Grodnonyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti). 17-nji iýulda «Innowasion Çözgüt» kompaniýasy bilen bilelikde Aşgabatdaky öz ofisinde onlaýn giriş synagy guralar. Synagyň bu görnüşi türkmenistanly dalaşgärleriň Belarusyň çägine gitmezden uzak aralykdan synagdan geçmäge mümkinçilik berýär.

«Innowasion Çözgüt» kompaniýasynyň wekiliniň habar bermegine görä, kompaniýa uzak aralykdan giriş synaglaryny guramakda baý tejribe toplady we ol dalaşgärleri ähli tapgyrda doly goldaýar. Dalaşgärler synag temalarynyň sanawy bilen ähli maglumat materiallary bilen üpjün edilýär.

Bu synag 2025-nji ýylda Belarusyň lukmançylyk ýokary okuw mekdeplerine girmegiň iň soňky mümkinçiligi bolup, dalaşgärlere öňünden «Innowasion Çözgüt» kompaniýasynyň wekilleri bilen habarlaşyp, öz wagtynda hasaba durmagy maslahat berilýär.

GGU (Ýanka Kupala adyndaky Grodnonyň döwlet uniwersiteti). 1-nji iýuldan başlap Belarusyň bu abraýly uniwersitetine girjek dalaşgärler üçin amatly şertler güýje girýär. «Innowasion Çözgüt» arkaly onlaýn synag tabşyryp, 8, 9 ýa-da 10 bal toplan dalaşgärler okuwa kabul edilenden soňky guramaçylyk çykdajylaryndan boşadylýarlar.

«Bu Türkmenistandan gelen zehinli dalaşgärler üçin Belarusyň iň gowy uniwersitetleriniň birinde ýeňillikli şertlerde okamagyň ýeke-täk mümkinçiligidir» — diýip, kompaniýada nygtaýarlar.

BMTU (Belarusyň milli tehniki uniwersiteti). 16-njy iýulda kompaniýa Belarusyň bu öňdebaryjy tehniki uniwersiteti bilen bilelikde onlaýn synag geçirýär. Bu synag türkmenistanly dalaşgärler üçin tehniki ugur boýunça ýokary okuw mekdebine uzak aralykdan girmäge mümkinçilik berýär.

«Innowasion Çözgüt» kompaniýasy 2025-nji ýylda Belarusda okuwa girmäge degişli täze şertler boýunça — ýaş çäklendirmeleri, okuw tölegi we uzak aralykdan girmegiň aýratynlyklary barada hem doly maglumat berýär.

«Innowasion Çözgüt» kompaniýasy Belarusyň 10 sany abraýly uniwersitetleriniň resmi hyzmatdaşydyr we ol aşakdaky hyzmatlary hödürleýär: uniwersiteti we hünär ugruny saýlamaga kömek etmek, onlaýn girmek boýunça guramaçylyk işleri, synaglara taýýarlyk görmek, resminamalary taýýarlamaga ýardam bermek, Belarusda garşy almak we ugrukdyryş hyzmatlary, okuwyň dowamynda goldaw bermek.

Okuwa girmegiň şertleri, onlaýn synaglaryň senesi we beýleki degişli maglumatlar bilen kompaniýanyň telefon belgilerine jaň edip ýa-da sosial ulgamlardaky sahypalaryndan tanşyp bolýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köç., jaý 120/1, «Şirin Nygmatlar» binasy;

telefonlar: (+993 71) 75 68 82, (+993 71) 89 16 38, +993 71 89 16 39;

elektron poçta: innovationchozgut.co@gmail.com;

sosial ulgamlardaky sahypasy;

TikTok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň