Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachpack» Türkmenistanda içerki bazar üçin önümleri gaplamagyň amatly çözgütlerini hödürleýär

16:0309.07.2025
0
25177

«Rowaçlan Galkynyş» hususy kärhanasy «Rowachpack» brendi bilen iýmit önümlerinden başlap gurluşyk garyndylaryna, şeýle hem oba hojalyk önümlerine çenli ürgün önümleri we harytlary islendik ýere daşamak üçin giňden ulanylýan berk we amatly gaplama haltalaryny hödürleýär.

Içerki bazarda aýratyn meşhurlyk gazanan önümleriň biri — sygymlylyk agramy 1000 kilograma çenli bolan «big-bag» görnüşli haltalardyr. Bu ýumşak konteýnerler köpugurlylygy, berkligi we daşamakda amatlylygy hem ýeňilligi sebäpli islegli çözgüt hökmünde giňden tanalýar. Olar islendik agramlykdaky ýüki saklap bilýär, görnüşini ýitirmeýär we iri gabaraly ýükler üçin has hem amatlydyr.

Kompaniýa bu önümi islendik ululykda we galyňlykda taýýarlamagy teklip edýär — 75×75×125sm iki stroply we 95×95×130sm dört stroply we ondan uly ölçegler sargyt edilip bilner, önümleriň bahasy 25-60 manat aralygyndadyr. Önümiň görnüşleriniň hatarynda ýörite berk ýüpleri bolan, sygymlylygy 300 kg-dan 3000 kg çenli bolan ýumşak konteýnerler bar. Bu gaplamalar ýokary çeýeligi, ýeňilligi we daşky täsirlere garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Ýerli öndürijini saýlamagyň artykmaçlyklary:

  • Milli ykdysadyýeti goldamak we iş orunlaryny döretmek;
  • Import bilen baglanyşykly bökdençlikler bolmazdan çalt eltip bermek;
  • Içerki müşderiler üçin amatly bahalar;
  • Öndüriji bilen göni hyzmatdaşlyk etmek.

Kompaniýanyň bellemegine görä, «Rowachpack» önümleri halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýär we ol eýýäm GDA-nyň ýurtlarynyň bazarlarynda özüni ýokary hilli önüm hökmünde görkezýär.
«Biz türkmen kärhanalaryna import gaplama önümleriniň ornuna bu önümleriň ýokary hilli we ygtybarly ýerli görnüşini hödürleýäris. Önümlerimiz içerki bazaryň isleglerine laýyklykda taýýarlanýar» — diýip, kärhananyň wekilleri nygtaýarlar.

  • Islendik galyňlykdaky «big-bag» haltalaryny öndürmek;
  • Önümleri islendik ölçegde, ýörite şahsy buýurmalaryň esasynda öndürmek.

Habarlaşmak üçin:

  • (+993 62) 29 29 69
  • (+993 12) 29 29 69
  • rowachpack@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň