Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rimde Türkmenistanyň arheologik sergisi geçiriler

13:3205.07.2025
0
33635

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň maýynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammitde Italiýanyň Rim şäherinde «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramak barada beýan eden başlangyjyndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, türkmen halkynyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurduň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini belledi we wise-premýere türkmen halkynyň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, olary ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň