Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy.
Häkim öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Döwlet Baştutany ekerançylyk meýdanlarynda galan bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmalydygyny belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi.