Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde iň gymmat «Labubu» gurjagynyň bahasy belli boldy

17:0414.06.2025
0
24624
Dünýäde iň gymmat «Labubu» gurjagynyň bahasy belli boldy
Surat: Vfokuse.mail.ru

Betgörk «Labubu» gurjagy Pekindäki «Youngle» söwda auksionynda 1,08 million ýuana satyn alyndy. Bu 150 müň amerikan dollaryndan hem gymmatdyr diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.

«Labubu» gurjagynyň boýy 131 santimetre deň. Auksionyň wekilleriniň maglumatlaryna laýyklykda, ol bu gurjaklaryň söwdasyna bagyşlanan iň gymmat söwdalaşyk boldy.

«Yongle» auksiony şu hepdede geçdi. Oňa 200 adam gatnaşdy. Söwdalaşyga ady tutulan gurjaklaryň 48-si çykaryldy. Söwdalaşyklar netijesinde 3,37 mln ýuan ýa-da 469 müň dollar gazanmak başartdy.

«Labubu» gurjaklarynyň ortaça bahasy 6,95 dollar. Suratkeş Kasing Lung tarapyndan döredilen bu bedroý gurjaklar soňky günler dünýäde uly meşhurlyk gazandy we «TikTok»-da iň ýaýran trende öwrüldi.

Bu oýnawajy torbaňa dakmak mümkin. «Labubu» gurjaklarynyň janköýerleriniň arasynda köpsanly meşhur adamlar, mysal üçin, aýdymçylar Dua Lipa, Rianna we futbol ýyldyzy Dewid Bekhem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň