Turkmenportal logo
24.05.25
3278332783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda geçirilýän 7-nji etnosport festiwalynda çykyş edýär
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda geçirilýän 7-nji etnosport festiwalynda çykyş edýär

Türkiýäniň Stambul şäherinde 22-nji maýda başlanyp, 25-nji maýa çenli dowam edýän 7-nji Halkara etnosport festiwaly geçirilýär. Atatürk adyndaky howa menziliniň çäginde geçirilýän bu festiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe myhman gatnaşýar – diýip, AA agentligi habar berýär.


Festiwala «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagy çäräniň iň görnükli çykyşlarynyň biri boldy. Bu topar tomaşaçylara adaty at çapmagyň ýokary ussat­lygyny we milli at üstündäki oýunlary görkezip, olary Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrýar.


Türkmen ussatlarynyň görkeziş çykyşlaryna Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň prezidenti Bilal Erdogan hem gatnaşdy.



Ýatlatsak, Bilal Erdogan 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelipdi we bu ýerde ýokary derejeli duşuşyklary geçiripdi. Bu sapar sport we medeniýet ýaly dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etdi.