Turkmenportal logo
22.05.25
1301813018
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýede ýer titredi
Türkiýede ýer titrediSurat: RIA Nowosti

Türkiýede ýer yranmasy hasaba alyndy, onuň sarsgyny Stambulda duýuldy diýip, «RIA Nowosti» habar berdi. Sarsgynlar şäheriň günbatarynda sagat 21:36-da hasaba alyndy. Ilatyň arasynda howsala ýok.


Sarsgynlaryň yzysüre smartfonlarda degişli priloženiýeleri ulanyjylara duýduryş gelip gowuşdy.


Türkiýäniň Tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça edarasynyň (AFAD) wekilleriniň maglumatlaryna laýyklykda, ýer yranmanyň merkezi Mermer deňizde, Býukçekmeje etrabynda ýerleşdi, onuň güýji 4 bala deň boldy.


Öň, 23-nji aprelde hem Stambulyň Mermer deňiz ýakasynda güýji 6,2 bala deň bolan ýer sarmasy boldy, onda 236 adam ejir çekdi, pida bolanlar ýok, 4 müňden gowrak bina zeper ýetdi.