Turkmenportal logo
17.05.25
2211122111
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda parlamentara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda parlamentara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldySurat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

16-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.


Dostlukly ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energetika, ulag, söwda, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň möhümdigine ünsi çekdiler. Bu ugurda parlamentara dostluk toparynyň üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugur boýunça ýakynda geçiriljek çärelere garaldy.


Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny mälim etdiler.