Turkmenportal logo
13.05.25
2165621656
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aşgabat» SDAM-da «MIRAS PREMIUM» şaý-sepler brendiniň dükany açyldy
«Aşgabat» SDAM-da «MIRAS PREMIUM» şaý-sepler brendiniň dükany açyldy

«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde meşhur «MIRAS» brendiniň täze özboluşly ugruna öwrülen «MIRAS PREMIUM» şaý-sepler brendiniň täze dükanynyň açylyşy boldy.


«MIRAS PREMIUM» gaýtalanmajak dizaýny, ajaýyp ýerine ýetirilişi we diňe tebigy gymmat bahaly daşlaryň hem-de metallaryň ulanylýandygy bilen tapawutlanýan kaşaň şaý-sepler ýygyndysydyr. Brend özüniň giňden tanalýan stilini we özboluşly aýratynlyklaryny ösdürmek üçin uzak kämillik ýoluny geçdi.


«MIRAS PREMIUM» çeperçilik studiýasynyň zehinli dizaýnerleriniň kömegi bilen, şaý-sep sungaty kaşaň önümlerde öz beýanyny tapýar, tejribeli hünärmenler bolsa hatda iň çylşyrymly we täsirli pikirleri-de durmuşa geçirýärler.



Dükan derejä, hile we özboluşlylyga ähmiýet berýänler üçin eksklýuziw şaý-sepleri hem-de ýadygärlik sowgatlary hödürleýär. Ýygyndyda ýurduň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän milli türkmen stilinde ýasalan önümler aýratyn orny eýeleýär. Assortimentde küşt toplumlary, gylyçlar, sagatlar, gap-gaç önümleri, ahalteke bedewleriniň heýkeljikleri ýaly dürli görnüşli eserler hödürlenilýär.


«MIRAS PREMIUM» brendiniň önümleri — bu diňe bir sowgatlyk hem däldir. Olar aýratyn ünsüň we hormatyň nyşany, hakyky gymmatlygyň tumarydyr.



Habarlaşmak üçin:


  • ýerleşýän salgysy: «Aşgabat» SDAM, 1-nji gat, С-1.73а dükany;
  • telefon: (+993 63) 37 48 59;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.