Turkmenportal logo
13.05.25
1160911609
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebapdaky pamyk serişdelerini öndürýän fabrikde 4 million manatlykdan gowrak iş edildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabrikde lukmançylykda we gaýry ýerlerde ulanmak üçin niýetlenilen pamygyň öndürilişi barha artdyrylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Fabrik her ýylda 7 million manatlykdan gowrak önüm öndürmäge ukyplydyr.


Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda arassalanylan nah galyndylarynyň 906 tonnasy, pul hasabynda bolsa 4 million 86 müň manatlykdan gowragy öndürildi.


Geçen döwürde taýýar önümleriň 4 million 289 müň 621 manatlygy, ýagny, 937 tonnasy ýerlenildi. Şonuň 300 tonnasy eksporta ugradyldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr diýlip, habarda bellenilýär.