Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatynyň obalarynyň birinde näbelli ýyrtyjy haýwan 17 adama hüjüm edip, ýaralady. 70 ýaşly Raili Baý has agyr şikes aldy, onuň burny we gapyrgasy döwüldi, ýene üç adam agyr ýagdaýda hassahana ýerleşdirildi diýip, «Times of India» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
Obanyň ýaşaýjylary howanyň yssylygy sebäpli köçede ýatýardylar. Haýwan öýlere gelip, gezekme-gezegine adamlara hüjüm etdi. Ýyrtyjynyň guduz bolmagy mümkin diýip, ýaşaýjylar gürrüň berdiler. Olara ýabany haýwanlaryň fotosuratlaryny görkezdiler, emma adamlar olaryň arasyndan özlerine hüjüm eden ýyrtyjyny tapmadylar diýlip, habarda aýdylýar. Şol etrapda maýmynlar, möjekler duşmaýar, syrtlanlara bolsa adamlara hüjüm etmek mahsus däldir. Hünärmenler adamlar guduzlan itden ejir çeken bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.
Ýerli häkimiýetler ejir çekenlere kömek puluny tölemekçi. Obanyň ýaşaýjylaryna guduzlyga garşy sanjym edildi. Etrapda ýyrtyjyny tutmak üçin synanyşýarlar. Adamlardan ýeke gezmezligi we gije köçä çykmazlygy haýyş edýärler.