Turkmenportal logo
07.05.25
1709517095
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Watikan konklawyň öňüsyrasy aragatnaşyksyz galar
Watikan konklawyň öňüsyrasy aragatnaşyksyz galarSurat: Euronews

Watikanda 7-nji maýda täze Rim Papasyny saýlamak boýunça ýapyk konklawyň öňüsyrasy ähli ykjam aragatnaşyk öçüriler diýip, CNN teleýaýlymyna salgylanýan «Caliber.az» habar berdi.


«Telefon aragatnaşygy çarşenbe güni ýerli wagt bilen kardinallar Papa konklawyny başlamak üçin Sikstin kapellasyna ugramazyndan öň sagat 15:00-da öçüriler» diýlip, habarda aýdylýar.


Keramatly Pýotryň meýdanynda ykjam telefon aragatnaşygyň öçürilmejekdigi bellenýär, emma meýdanyň etrabynda hereket çäklendiriler: metal barlaýjylar oturdyldy, gorag güýçlendirildi we drona garşy çäreler girizildi.