Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Güneş» tegmil aýryjysy: tegmilleri mata we reňke zeper ýetirmezden aýyrmak

11:3605.05.2025
0
18450

«Türkmen Berk–Metal» hususy kärhanasy tarapyndan işlenip düzülen tegmil aýryjy «Güneş» serişdesi eýýäm birinji gezekden soň tegmilleri netijeli aýyrýar, matany ýumşadýar hem-de reňkdarlygyny saklaýar.

Tegmil aýryjynyň ýokary netijeliligi kislorodyň işjeň komponent hökmünde ulanylmagy bilen üpjün edilýär. Bu kuwwatly tebigy oksidleýji dürli hili görnüşli hapalaryň aňsatlyk bilen hötdesinden gelýär.

«Güneş» serişdesi işlenip düzülende önümiň howpsuzlygyna aýratyn üns berildi. Bu önümde hlor ýa-da beýleki agressiw maddalar ýok, adam saglygy üçin howpsuz, onuň bilen ýuwmak aňsat we allergiki täsirleri döretmeýär.

Tegmil aýryjy serişdäniň ýene bir möhüm aýratynlygy matalara ýumşak täsiri bolup durýar. Kislorod formulasy süýümleriň gurluşyna ýaramaz täsir etmeýär we matalaryň solmagyna sebäp bolmaýar. Bu bolsa eşikleriňiziň uzak wagtlap özüne çekiji görnüşini saklamagyna mümkinçilik berýär.

Täze önümiň köptaraplylygy matalaryň we reňkleriň ähli görnüşleri bilen utgaşyklygy häsiýete eýedigi bilen bagly. «Güneş» tegmil aýryjysy hatda näzik matalary ýuwmakda-da zeper ýetirmezden ulanylyp bilner.

Önümi ulanmagyň tygşytlylyk taýdan peýdasy işjeň maddalaryň köp konsentrasiýasy bilen üpjün edilýär — hatda iň kyn tegmilleri aýyrmak üçinem önümiň az mukdary ýeterlikdir.

«Güneş» tegmil aýryjy serişdesi indi satyn almak üçin doly elýeterlidir. Önüm we hyzmatdaşlygyň şertleri barada goşmaça maglumatlary «Türkmen Berk–Metal» HK bilen habarlaşyp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • elektron poçta salgysy: tberkmetal@gmail.com;
  • web saýty: turkmenberk-metal.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň