Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» sargyt esasynda durmuş toýlary üçin aýratyn tortlary hödürleýär

10:2303.05.2025
0
28384

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry Aşgabatda aýratyn toý tortlary üçin sargytlary kabul edýär.

«Zyýat Hil» önümleriniň tagamyna aýratyn üns berýär. Müşderilere miweli we kremli adaty biskwit tortlaryndan başlap, şokoladly, hozly we ir-iýmiş musly has üýtgeşik görnüşlere çenli dürli huruşly önümler hödürlenýär. Şeýle hem ýaş çatynjalaryň isleglerini göz öňünde tutup, aýratyn sargyt esasynda özboluşly resept taýýarlamak hem mümkindir.

«Zyýat Hil» zynjyrynyň wekilleri durmuş toýlary üçin tortlaryň dabaranyň esasy aýratynlyklarynyň biridigini we süýji maşgala durmuşynyň başlangyjyny alamatlandyrýandygyny belleýärler. Şonuň üçin hem konditerler topary her bir sargyda aýratyn üns bilen çemeleşip, iň batyrgaý pikirleri durmuşa geçirmäge we baýramçylyk saçagynyň hakyky bezegine öwrülip, myhmanlara ýatdan çykmajak tagam duýgusyny sowgat berjek tortlary döretmäge çalyşýarlar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

150 manatdan başlaýan bahadan süýjülik sargyt edilende «Zyýat Hiliň» Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň içine eltip bermek hyzmatyny mugt amala aşyrýandygyny ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň