Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Ektor Isidro Arenas Neýranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Mähri Bäşimowa kolumbiýaly diplomaty bu ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmekde ähli kömegi we goldawy bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Gepleşiklerde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, halkara derejede oňyn we netijeli dialogy ösdürmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Kolumbiýanyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeleri guramak, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Kolumbiýa Respublikasynyň Kongresiniň arasynda Parlamentara dostluk toparynyň döredilmegi oýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Kolumbiýa tarapynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly çäginde 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Kolumbiýanyň ilçisi türkmen-kolumbiýa hyzmatdaşlygynyň ösüşine netijeli goşant goşmak üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.