Turkmenportal logo
28.04.25
1748317483
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
9-njy maýda Moskwa saparyny tassyklan dünýä ýurtlarynyň Liderleriniň sanawy peýda boldy
 9-njy maýda Moskwa saparyny tassyklan dünýä ýurtlarynyň Liderleriniň sanawy peýda boldySurat: Gazeta.ru

Dünýäniň 19 ýurdunyň Liderleri Moskwada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna geçjek dabaraly ýörişe gatnaşjakdyklaryny habar berdiler. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.


Şol sanda Russiýanyň paýtagtynda GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryndan başga, Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu, Wenesuelanyň we Wýetnamyň Liderleri Nikolas Maduro hem-de To Lama, Kubanyň Prezidenti Migel Dias-Kanelýa we Serbiýanyň döwlet Baştutany Aleksandr Wuçiç gatnaşmakçy. Şeýle hem Moskwadaky dabaraly ýörişe gatnaşmakçydygyny HHR-iň Başlygy Si Szinpin we Slowakiýanyň Hökümet başlygy Robert Fiso tassykladylar.


RF-iň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskow Kremliň 9-njy maý baýramyna çagyrylanlaryň resmi sanawyny habar berjekdigini söz berdi.