Turkmenportal logo
24.04.25
2972929729
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň bilim ministri Aşgabatda saparda bolýar
Türkiýäniň bilim ministri Aşgabatda saparda bolýarSurat: Sivas Haberler

Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti Aşgabada sapar bilen geldi. Saparyň maksady Aşgabatda geçirilýän mekdep okuwçylarynyň arasyndaky II halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmakdan ybarat. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.


Türkiýäniň bilim ministri saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa bilen duşuşar. Oňa Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew hem gatnaşar.


Mundan başga-da, türk wekiliýeti Aşgabat şäherindäki Bilelikdäki türkmen-türk mekdebine, şeýle-de Aşgabat şäherindäki 75-nji çagalar bakja-bagyna baryp görer. Türkiýäniň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet üçin guralan ýörite maksatnama esasynda, wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine aýlanyp görerler.