Turkmenportal logo
19.04.25
1568715687
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýda 5G ulgamynyň esasy beketleriniň sany 4,4 milliona ýetdi
Hytaýda 5G ulgamynyň esasy beketleriniň sany 4,4 milliona ýetdiSurat: Russian.news.cn

Hytaýda geçen mart aýynyň ahyrynda täze nesildäki 5G aragatnaşyk boýunça esasy beketleriň sany 4,39 milliondan geçdi. Bu barada ýurduň «Sinhua» habarlar agentligine salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.


Hytaýyň bu pudakdaky infrastrukturasy kämilleşdirilmegini dowam edýär diýip, ýurduň senagat we habarlar ministri Se Şaofen metbugat maslahatyndaky çykyşynda belledi. Onuň sözlerine görä, HHR-de sanly tehnologiýalar, şol sanda 5G we emeli aň nusgalary çalt depginde ösýär.