Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan oba hojalygy boýunça ýöriteleşdirilen «EKSPO» sergisini geçirip biler

08:5419.04.2025
0
18064

Türkmenistanda geljek ýyllaryň dowamynda Halkara sergiler býurosy bilen bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen «EKSPO» halkara sergisi geçirilip bilner. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabatynyň çäklerinde geljek ýyllaryň dowamynda ýurtda Halkara sergiler býurosy bilen bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek we bu babatda deslapky taýýarlyk işlerini geçirmek baradaky teklibi hem hödürledi. Şeýle-de agzalan sergini Türkmenistanda geçirmek boýunça ýörite gaznany döretmek babatda çäreleri görmek we şunuň bilen baglylykda, iri halkara kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmek teklip edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, Bütindünýä «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. "Bu iri halkara sergiler dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam edýär" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň